şebalylar üstümize çozup, mallary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym».
Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllylar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.
Goý, dogry ynsan meni ursun, bu ýagşylykdyr, goý, maňa ol käýesin, bu başyma ýakymly ýag kimindir, meniň başym ony, goý, ret etmesin. Dogrudan-da, erbetleriň işlerine garşy dileg edýärin.