Eger patyşa oňlasa, goý, olaryň ýok edilmegi barada bir perman ýazylsyn. Patyşanyň hazynalaryna goýmak üçin, men patyşanyň hazynadarlarynyň eline on ýedi müň batman kümüş bererin».
Haman başdan geçiren wakalarynyň baryny aýaly Zereşe we ähli dostlaryna gürrüň berdi. Soňra onuň dostlary we aýaly Zereş oňa: «Öňünde abraýdan düşen Mordekaýyň ýahudylardan bolsa, onda sen ondan üstün bolup bilmersiň, sen hökman ýeňlersiň» diýdiler.