5 Pisleriň yşygy sönýär, ot ýalynlary parlamaýar.
5 Пислериң ышыгы сөнйәр, от ялынлары парламаяр.
Garaňkylykdan gaçyp bilmezler, pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar, Hudaýyň demine ýok bolarlar.
Gaharyňa öz janyňa zor salýarsyň, sen diýip dünýä terk edilsinmi? Gaýalar süýşsünmi?
Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
Pisleriň çyrasy näçe gezek öçdi? Başlaryna üznüksiz betbagtçylyk abananyny gördüňmi? Hudaý gazabyna olary görgä duçar edýärmi?
Dogruçylyň nury şöhle saçýar, erbediň çyrasy öçýär.
Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.
Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, erbetleriň çyrasy günädir.
Çünki olaryň geljegi bolmaz, erbetleriň çyrasy öçer.
Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.
Emma ot ýakyp, alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz öz oduňyzyň yşygynda, ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň! Meniň elimden başyňyza geljek şudur: siz azap içinde ýatarsyňyz.
«Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar.
Seni gümlän mahalym gökleri bürärin, ýyldyzlary garaldaryn; Güni bulut bilen örterin, Aý-da öz yşygyny bermez.