Şol wagt men akylyma geldim. Patyşalygymyň şöhraty üçin meniň hormatym we mertebäm täzeden dikeldildi. Geňeşçilerim we törelerim meniň golastyma dolanyp geldiler. Men ýene-de patyşalygyma gowuşdym. Şöhratyma ýene-de şöhrat goşuldy.
Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.