Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 18:11 - Mukaddes Kitap

11 Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Чар тарапдан ховп абаняр олара, ховп оларың сөбүгине дүшйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 18:11
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler.


Olar üçin ýere syrtmak çekilýär, ýollaryna duzak gurulýar.


Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, dünýäden kowulýarlar.


Ok içlerinden böwsüp geçer, ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar, üstlerine howp abanar.


Düýş kimin uçup giderler, gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.


Munuň üçin daş-töweregiň duzaklar bilen gurşalýar, duýdansyz gorky seni galagopluga salýar.


Olary gorky basýar sil kimin, gijesine tüweleý uçuryp äkidýär.


Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.


Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela


Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.


Erbet adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.


Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.


Men näme görýärin? Olar gorkup, yza çekildiler. Batyrlary ýere çalnyp, yzlaryna garaman gaçdylar. Ähli tarapdan howp abanýar. Muny Reb aýdýandyr.


Olaryň çadyrlary, sürüleri ellerinden alnar, perdeleri, gap-gaçlary we düýeleri talanar; halk: „Ähli tarapdan howp abanýar!“ diýip gygyrar».


Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň, çünki duşmanyň elinde gylyç bar, ähli tarapdan howp abanýar.


Mundan soň Belşasar patyşa gaty howsala düşdi, onuň ýüzünde reňk-pet galmady, töreleri hem aljyraňňylyga düşdüler.


Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz.


Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.


Piliştlileriň goşunyny görende, Şawulyň gorkudan ýaňa ýüregi sarsyp gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ