10 Olar üçin ýere syrtmak çekilýär, ýollaryna duzak gurulýar.
10 Олар үчин ере сыртмак чекилйәр, ёлларына дузак гуруляр.
Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär.
Aýagy gapana düşýär, olary duzak gapjaýar.
Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».
Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.
Dawut hem olar barada şeýle diýýär: «Olara öz saçagy gapan we duzak bolsun, büdreme daşy we aljak jezasy bolsun.