7 Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi, on iki synam çöpe döndi.
7 Гайгыдан яңа гөзүм күтелди, он ики сынам чөпе дөнди.
Aglamakdan ýaňa ýüzüm gyzarýar, gözümi tüm garaňkylyk örtýär.
Dostlarym meni masgaralaýarlar, Hudaýa göz-ýaş edýän.
Gurpsuzlygym muňa şaýatlyk edýär, mejalsyzlygym garşyma güwälik edýär.
Bedenim gurtdur kesmekler bilen örtülendir, hamym kesmekläp, soňam iriň akýar.
Iňňildimden halys ýadadym, her agşam aglap, düşegimi suw-sil edýärin, ýorganymy gözýaşlaryma men gark edýärin.
Gözlerimiň nury öçdi gussa zerarly, küteldi ähli duşmanlarym sebäpli.
Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?
Munuň üçin ýüregimiz agyrdy, gözlerimiz küteldi.