«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.
Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.
Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.
Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!