Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».
Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.