10 Emma hemmäňiz gaýdyp gelseňiz-de, araňyzdan akylly adam tapmaryn.
10 Эмма хеммәңиз гайдып гелсеңиз-де, араңыздан акыллы адам тапмарын.
«Siz bar zady bilýänsiňiz, siz öleniňizde, paýhas-da siz bilen öler!
Biziň bilmeýän haýsy zadymyzy bilýärsiň? Biziň düşünmeýän haýsy zadymyza düşünýärsiň?
Günlerim tamam, niýetlerim, ýürek arzuwlarym-da puja çykdy.
Olaryň aňyny düşünjeden gizlediň, şonuň üçin olary beýgeltmersiň.
biz näme üçin haýwan saýylýarys, näme üçin akmak görünýäris gözüňe?
Paýhas diňe gojalarda däldir, hakykata düşünýän diňe ýaşulular däldir.
Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz.
Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, ýaňadan garaň, men hakdyryn.
Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».
Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?
Şeýle etmäge utanmaýarsyňyzmy? Eýsem araňyzda doganlaryň dawasyny çözüp biljek bir dana-da ýokmy?