18 Eý, toprak, ganymyň üstüni örtme, perýadym asla diňmesin.
18 Эй, топрак, ганымың үстүни өртме, перядым асла диңмесин.
Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.
Olaryň ýazyklarynyň üstüni basyrma, günälerini nazaryňdan sypdyrma, çünki olar biziň – gurluşykçylaryň göwnüne degdiler.
Ýöne men jenaýat etmedim, dilegim-de päkdir.
Ine, şu pursat şaýadym gökde, hemaýatkärim ýokarda.
Üstüne betbagtçylyk abananda, Hudaý onuň perýadyny eşidermi?
Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.
Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.
Eý, ýurt, ýurt, ýurt! Rebbiň sözüni eşit!
Şäheriň gany onuň ortasyndadyr; ol ony ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdi; ony gum bilen örter ýaly ýere dökmedi.