11 Hudaý meni näletkerdeleriň, pisleriň eline berdi.
11 Худай мени нәлеткерделериң, пислериң элине берди.
Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?
Adamlar maňa agyzlaryny öweldip, meni masgaralap, ýaňagyma urýarlar, garşyma dil birikdirýärler.
Rahatlykda ýaşaýardym, emma Hudaý meni sarsdyrdy, boýnumdan tutup, bölek-bölek etdi, meni Özüne nyşana edindi.
Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz, näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?
şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy, Ol daşyma Öz toruny çekdi.
Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi-de, Eýýubyň süýr depesinden dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy.
«Hakymdan mahrum eden Hudaýyň, maňa ajy hasrat çekdiren Gudratygüýçliniň adyndan ant içýän,
Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.
Dünýä erbetleriň eline berlendir, dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?
«Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.
Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar.
Ahyry Pilat Isany haça çüýlemek üçin, Ony esgerleriň eline tabşyrdy.
Çünki Hudaý hemmelere merhemet etmek üçin, hemmeleri bitabynlygyň tussagy etdi.
Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.
Ol Dawuda şeýle diýdi: «Sen menden adalatly ekeniň. Ýamanlygyma ýagşylyk bilen jogap berdiň.