5 Etmişiň gepiňe täsir edýär, hilegäriň dilinde gürleýärsiň.
5 Этмишиң гепиңе тәсир эдйәр, хилегәриң дилинде гүрлейәрсиң.
Ol saňa paýhasyň syrlaryny düşündirsedi! Çünki paýhas köptaraplydyr. Sen bilgin, Hudaý etmişleriňiň käsini unutdy.
Garakçylaryň çadyrlary asuda, Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz, olar diňe öz güýjüne sygynýandyr.
Hudaýdan heder etmegi aradan aýyrýarsyň, Hudaý barada oýlanmaga päsgel berýärsiň.
Erbetligiň ummasyz, etmişleriň tükeniksiz dälmi?
Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi.
Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady.
Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, guran hilelerini puja çykarýar.
Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.
Sensiň doga-dilegleri eşidýän, ähli ynsanlar Saňa gelerler.
Dilleri öldüriji peýkamdyr, hile bilen sözleýärler. Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar, ýüreginde bolsa duzak gurýarlar.
Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir.
Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.