Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 15:30 - Mukaddes Kitap

30 Garaňkylykdan gaçyp bilmezler, pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar, Hudaýyň demine ýok bolarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Гараңкылыкдан гачып билмезлер, пудакларыны ялын ёк эден агач кимин боларлар, Худайың демине ёк боларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 15:30
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garaňkylykdan gutuljagyna ynam ýokdur olarda, olaryň takdyry gylyçdyr.


„Niredekä?“ diýip, bir döwüm nan üçin sergezdanlyk edýärler, garaňkylyk gününiň ýakyndygyny bilýärler.


Çünki hudaýsyzlaryň jemagaty gysyr galar, parahorlaryň-da çadyrlaryny ot alar.


Kökleri guraýar aşakda, şahalary solýar ýokarda.


Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, dünýäden kowulýarlar.


Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolar, üflenmedik ot olary ýuwudar, çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.


Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi, galan zatlary ýanyp kül boldy“ diýýärler.


Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot, bar ekinimi köki bilen ýakar ol.


Olar Hudaýyň demi bilen heläk bolýarlar, Onuň gazaby bilen ýok bolýarlar.


Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.


Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.


Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi.


Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ