Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar.
Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz.