Emma onuň köküni we damaryny daşyna demir we bürünç aýlap, meýdan otlarynyň arasynda goýuň. Goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn. Çöl haýwanlary bilen birlikde ýerdäki otlardan paý alsyn.
Ine, men Nebukadnesaryň gören düýşi şudur! Eý, Belteşasar, indi munuň ýorgudyny maňa aýan et, çünki patyşalygymdaky akyldarlaryň hiç biri bu düýşi ýorup bilmedi. Ýöne sen başararsyň, çünki sen mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylansyň».