Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.
Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.