Onsoň Ýehu bütin halky ýygnap, olara ýüzlenip şeýle diýdi: «Siz Ahap Bagala wepaly boldy diýip pikir edýänsiňiz, emma meniň – Ýehuwyň Bagala Ahapdan has wepalydygymy görersiňiz.
Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.