5 Wah, siz bütinleý dymsadyňyz! Ana, şonda siz paýhasly bolardyňyz!
5 Вах, сиз бүтинлей дымсадыңыз! Ана, шонда сиз пайхаслы болардыңыз!
Ýaňralygyň beýlekileri dymdyrar öýdýäňmi? Masgaralanyňda, özüňem utandyrylmazmykaň?
Indi siz dymyň-da, maňa geplemäge gezek beriň, men başa gelenini göreýin.
Diňläň meniň delillerimi, gulak goýuň meniň çekişmelerime!
Boş sözleriňiz haçan gutarjak? Sizi dawalaşmaga mejbur edýän zat näme?
«Ne zaman gutarjak sözüňi? Oňatja pikirlen, onsoň gepleşeris,
«Haçana deňeç meni gynap, sözleriňiz bilen pagyş-para etjek?
Halyma seredip, akylyňyz çaşsyn, eliňizi agzyňyza tutuň.
Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi.
Olardan ses-seda çykmaýar, olar jogapsyz durlar“ diýip, men garaşaýynmy indi?
Akmak hem dymanda akylly, agzyny ýumanda, düşünjeli saýylýandyr.
Hudaýa aýdylan hudaýýolyňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylzyslardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et.
Şonuň üçin akylly ynsan şeýle pursatda ümsüm bolar, çünki bu bir erbet zamandyr.
Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.