Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr.
Siz ejizi kuwwatlandyrmadyňyz, syrkawy bejermediňiz, ýaralynyň ýarasyny daňmadyňyz, azaşany yzyna getirmediňiz we ýitigi idemediňiz; gaýtam, zorluk hem rehimsizlik bilen olaryň üstünden agalyk etdiňiz.
Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.