24 Näme üçin menden ýüzüňi gizläp, meni Özüňe duşman saýýarsyň?
24 Нәме үчин менден йүзүңи гизләп, мени Өзүңе душман сайярсың?
Şir kimin topulýaň galdyrsam başym, gudratlaryňy maňa garşy ulanýarsyň.
Täzeden maňa hüjüm edýärsiň, maňa bolan gahar-gazabyň möwç alýar, garşyma goşun üstüne goşun getirýäň.
Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.
Hudaý maňa ýigrenç bilen seredip, gaharyna meni parçalaýar, Ol maňa dişlerini gyjaýar, duşmanymyň gözleri içimden geçýär.
Ol maňa gazaplanýar, meni Özüne duşman saýýar.
Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz, näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?
Maňa rehimsizlik etdiň, güýç-gudratyň bilen meni ezýäň.
Wah, maňa bir gulak asýan bolsady! Wah, Gudratygüýçli Hudaý, Sen bir maňa jogap bersediň! Şonda aýdan zatlarymyň hakdygyny subut edip, gol çekerdim! Wah, Aýyplaýjym hökümleri ýazyp, elime bersedi!
Şonda-da Hudaý maňa garşy bahana tapýar, meni Özüne duşman saýýar,
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Men Rebbi pena edinýärin. «Guş kimin öz dagyňa gaç – diýip, maňa neneň aýdyp bilýäňiz? –
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.
Bardyr Seniň kuwwatly goluň, Seniň eliň güýçli, goluň belentdir.
Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.
Taňry duşman ýaly bolup, Ysraýyly ýumurdy. Ähli köşklerini ýykyp, galalaryny weýran etdi. Ýahuda gyzynyň ýasdyr ahy-nalasyny has-da köpeltdi.
Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, biwepa perzentlerdir.
Ýöne ony duşman saýmaň, gaýtam bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň.
Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Näme üçin, Reb özüňden ýüz öwrüp, saňa duşman bolansoň, menden soraýarsyň?