19 Kim meniň bilen jedel etjek? Şondan soň lal-jim bolup ölerdim.
19 Ким мениң билен җедел этҗек? Шондан соң лал-җим болуп өлердим.
Elleriň maňa biçim berdi, meni ýaratdy, indi bolsa meni heläk etmekçi bolýaň.
Indi siz dymyň-da, maňa geplemäge gezek beriň, men başa gelenini göreýin.
Ýa Hudaý, meniň iki islegimi ýerine ýetiräý, şonda men Senden gizlenmerin:
Özüňizi öňümde ýokary tutup, aýybymy ýüzüme ursaňyz,
Eger aýtjak zadyň bolsa aýt, geple, çünki men seni aklamak isleýän.
Şonuň üçinem ümsüm boljak däl, janymyň ýangyjyna geplejek, ajy hasrat bilen şikaýat etjek.
Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap, etmişlerimi ötmeýäň? Çünki indi gabra girerin, meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».
Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez.
Maňa ýardam edýän Hökmürowan Rebdir. Kim meni günäli çykarjak? Olaryň ählisi geýim deý köneler, olara güýe deger.
Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.
Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar!