18 Men dawamy taýýarladym, aklanjagymy bilýärin.
18 Мен давамы тайярладым, акланҗагымы билйәрин.
Ýazyksyzdygymy, eliňden hiç kimiň halas etmejekdigini bilýäň.
Öz dostlaryma gülki boldum! Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi, dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!
Sözlerime dykgat bilen gulak goýuň, aýdýanlarym gulagyňyzda galsyn.
Adamzat ogly bilen goňşusynyň arasynda bolşy ýaly, ynsan bilen Hudaýyň arasynda-da bir töwellaçy bolsady!
Arzymy Onuň huzurynda beýan ederdim, dawalarymy jikme-jik aýan ederdim.
Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen, ömürboýy paş etmez meni wyždanym.
Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi.
Sen: „Men päk, ýazyksyz, tämiz, mende etmiş ýokdur.
Çünki Eýýup: „Men bigünä, Hudaý meni hakymdan mahrum etdi.
Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, ýaňadan garaň, men hakdyryn.
Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder, akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.
Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa, men öz durmuşymy ýigrenýärin.
Maňa ýatlat! Gel, bilelikde dawalaşalyň, aklanar ýaly delilleriňi aýt.
Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.