Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Худайың сырларына акыл етирип билермиң? Гудратыгүйчлиниң аңры чәгине етип билермиң?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 11:7
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir? Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!


Ujypsyzja bölegidir bular Onuň ýollarynyň, Ol hakda eşidýänlerimiz, gör, nähili az! Düşünip biljek barmy gudratynyň beýikligine Onuň?»


Size Hudaýyň gudratyny, ýaşyrman aýan ederin Gudratygüýçliniň ýollaryn.


Emma men saňa diýýän: sen bu babatda nähak, çünki Hudaý ynsandan beýikdir.


„Ynsanyň hiç bir sözüne jogap bermeýär“ diýip, näme üçin Onuň bilen jedelleşýärsiň?


Göklere seredip gör, bulutlara göz gezdir, olar senden belent.


Hudaý, hakykatdanam, beýikdir, Onuň beýikligine doly düşünip bilmeýäris, Onuň ömür ýyllary akyla sygmaz.


Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogrulykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.


Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär, biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär.


Nesihatyňy garalajak barmy? Şonuň üçinem men düşünmedik, asla akyl ýetirip bilmedik zatlarym barada gepledim.


Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär.


Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular, torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular, ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela


Şazadalara, ynsan ogluna hiç bil baglamaň, çünki olar halas etmeýär.


Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?


Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?


Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.


Uzak, gaty çuň bolan zady kim tapyp biler?


Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?


Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.


«Rebbe kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?» Emma bizde welin Isa Mesihiň akyly bardyr.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ