Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 11:19 - Mukaddes Kitap

19 Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, köpler saňa ýaranjaňlyk ederler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Ятаныңда сени горкузан болмаз, көплер саңа яранҗаңлык эдерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 11:19
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoşapadyň ýurdy asudalykda boldy, çünki Hudaý olara hemme tarapdan asudalyk beripdi.


Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň.


Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.


Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.


Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela


Jomardyň ýüzüni küýseýänler köp, hemmeler eli açyga dost.


Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň.


Aroger şäherleri terk ediler, sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler, olary ürküzen bolmaz.


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Olar mundan bu ýana milletleriň talaňyna duçar bolmazlar we ýyrtyjy haýwanlar olary iýmez. Olar howpsuz ýaşarlar, olary gorkuzan bolmaz.


Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.


Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.


Ysraýylyň aman galanlary, nähaklyk etmezler, ýalan sözlemezler, agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, olary hiç kim gorkuzyp bilmez».


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ