18 Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň.
18 Умытлыдыгың үчин аркайын боларсың, гораларсың, ховпсузлыкда дынч аларсың.
Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, säher deý bolar garaňkylygyň.
Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, köpler saňa ýaranjaňlyk ederler.
Garaşmaga güýjüm barmy nä? Sabyr etmäge soňum barmy nä?
Günlerim dokmaçynyň mäkisinden çalt, olar umytsyzlykda geçip barýar.
Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.
Men Rebbe edýärin dady-perýady, Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela
Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.
Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.