17 Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, säher deý bolar garaňkylygyň.
17 Гүнорта чагынданам ягты болар өмрүң, сәхер дей болар гараңкылыгың.
Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun!
Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň.
ine, şonda Gudratygüýçlüden göwnühoş bolarsyň, Hudaýa ýüz tutarsyň.
Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer, ýollaryňa nur çaýylar.
Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy, garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim.
Reb ähli milletlerden belentde, Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.
Akmaklygym zerarly ýaralarym iriňledi hem-de porsady.
Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.
Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.