Bu Meniň üçin Nuhuň döwri kimindir, Nuhuň tupany ýer ýüzünde indi gaýtalanmaz diýip ant içişim ýaly, saňa-da gaharlanmaryn indi, hiç haçan käýemerin diýip ant içdim.
Ýurtda özüne ak pata beren, hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer; ýurtda ant içen, hakykat Hudaýyndan ant içer. Öňki hasratlar unudylyp, gözlerimden gizlener».
Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.