Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekil berýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa?
«Eý, ysraýyl halky, Men-de sizi bu küýzegäriň ýasaýşy ýaly ýasap bilmerinmi? Muny Men-Reb aýdýandyryn. Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz, eý, ysraýyl halky!