2 Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.
2 Худая диерин: „Маңа хөкүм этме, мени нәмеде гүнәкәрлейәниңи айт“.
Etmişlerim, günälerim köpmüdir? Maňa ýazygymy, günämi görkez.
Ynsana arz-şikaýat edýänmi men? Neneň janym ýanmasyn?
„Ynsanyň hiç bir sözüne jogap bermeýär“ diýip, näme üçin Onuň bilen jedelleşýärsiň?
«Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber.
Günä etsem, Saňa zeleli näme, eý, ynsan Gözegçisi? Näme üçin meni Özüňe garşydaş etdiň? Näme üçin men Saňa ýük boldum?
Barybir höküm edilerin, näme üçin ýöne ýere jan edýän?
Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez.
Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.
Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.
Reb meniň güýjüm hem-de galkanym; Oňa bil baglady meniň ýüregim, Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar; Oňa nagmam bilen şükür ederin.
Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.