16 Şir kimin topulýaň galdyrsam başym, gudratlaryňy maňa garşy ulanýarsyň.
16 Шир кимин топуляң галдырсам башым, гудратларыңы маңа гаршы уланярсың.
Näme üçin menden ýüzüňi gizläp, meni Özüňe duşman saýýarsyň?
Hudaý maňa ýigrenç bilen seredip, gaharyna meni parçalaýar, Ol maňa dişlerini gyjaýar, duşmanymyň gözleri içimden geçýär.
Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär.
Ertire çenli sabyrsyzlyk bilen garaşdym; ol arslan kimin bar süňklerimi döwdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.
Şonuň üçin olaryň ýazyklarynyň sansyzdygy, dönükliginiň çökderdigi üçin tokaýdan arslan çykyp, olary parçalar, çölden bir möjek çykyp, olary heläklär. Şäherleriniň gapdalynda bir gaplaň bukuda ýatyp, kim ol ýerden daşa çyksa, bölek-bölek eder.
Hudaý meni peýleýän aýydyr, bukuda ýatan arslandyr.
Men Efraýym üçin bir şir, Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan. Olary parçalan hut Mendirin. Süýräp äkiderin, olary hiç kim halas etmez.
Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»
onda Reb sizi we siziň nesilleriňizi elhenç belalara, agyr we yzy üzülmeýän jebirlere, emi ýok kesellere duçar eder.