Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn.
Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?