Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Бир гүн ылахы барлыклар Реббиң хузурында хәзир болмага геленлеринде, шейтан-да оларың арасы билен гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 1:6
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar.


Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýamdan bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.


Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Şeýtan Ysraýyla garşy çykyp, Dawudy ysraýyl halkynyň adam sanyny bilmek küýüne düşürdi.


Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“. Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady.


Başga bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzuryna gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen Rebbiň huzurynda häzir bolmaga geldi.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.


Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.


Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde, ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.


Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä meňzeýär» diýdi.


Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi.


Keýnan Enoşyň, Enoş Şisiň, Şis Adamyň ogludy, Adam bolsa Hudaýyň ogludy.


Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ