Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Шейле хем онуң еди мүң гоюн-гечиси, үч мүң дүеси, мүң өкүзи, бәш йүз уркачы эшеги ве биртопар гул-гырнаклары барды. Ол әхли гүндогарлыларың арасында иң байыды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 1:3
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seraýyň hatyrasyna faraon Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi.


Ol aýaly Seraýy, doganynyň ogly Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler.


Mallary juda köp bolansoň, olara öri darlyk etdi. Şol sebäpli hem olar bile ýaşap biljek däldiler.


Reb meniň jenabyma köp bereket berdi. Ol meniň jenabymy baýadyp, oňa ownukly-irili mallar, altyn-kümüş, gul-gyrnaklar hem-de düýelerdir eşekler berdi.


Gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.


Soňra Ýakup ýoluny dowam etdirip, gündogar halkyň ýurduna geldi.


Olar bilen razylaşalyň, goý, olar biziň bilen bile otursynlar. Onsoň olaryň ähli mallary we mal-mülkleri biziňki bolar!»


Baýyň süri-süri goýnudyr sygry bolupdyr.


Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi.


Menahym Aşur patyşasyna kümüş bermek üçin Ysraýyldaky baýlaryň baryna jan başyna bir ýüz mysgaldan gowrak kümüş salgyt saldy. Şondan soň Aşur patyşasy ýurtda galman yzyna gaýtdy.


Mowap patyşasy Meşanyň goýunlary san-sajaksyzdy. Ol Ysraýyl patyşasyna ýüz müň guzy bilen ýüz müň goçuň ýüňüni ibermelidi.


ysmaýyl urugyndan bolan Obyl düýelere, meronotly Ýehdeýa eşeklere,


Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi.


Hizkiýa özi üçin şäherler gurdurdy. Onuň juda köp ownuk we iri mallary bardy, çünki Hudaý Hizkiýa gaty köp mal-mülk beripdi.


Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.


Eýýubyň ogullarynyň hersi nobatma-nobat öz öýlerinde meýlis gurardylar we bile iýip-içmek üçin adam ýollap, üç uýasyny-da çagyrardylar.


Çünki siz: „Asylzadaň öýi nirede? Pisleriň çadyry nirede?“ diýýäňiz.


Olara baş bolup, ýol görkezýän mendim, leşgerleriň arasyndaky şa kimin, ýas tutýanlara göwünlik berýän adam ýaly ýaşardym».


ummasyz baýlygyma buýsanyp, elimiň gazanjyna guwanan bolsam,


Her ätlän ädimimiň hasabatyny bererdim Oňa, şazada kimin Onuň huzuryna barardym.


Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi.


Reb Eýýubyň soňky durmuşyny öňki durmuşyndan-da has bereketli etdi. Onuň on dört müň goýun-geçisi, alty müň düýesi, müň jübüt öküzi we müň urkaçy eşegi bardy.


Rebbiň berekedi baýlyk getirýär, Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň basyp alan Kedar we Hasor patyşalyklary hakynda Reb şeýle diýýär: «Turuň, Kedara hüjüm ediň, gündogar halkyny ýok ediň.


Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“


Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar.


Olar mallary hem çadyrlary bilen bile edil çekirtge çozan ýaly bolup gelerdiler; olaryň özleriniň hem, düýeleriniň hem san-sajagy ýokdy. Olar ýurdy wes-weýran ederdiler.


Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy.


Zebah bilen Salmunna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem olaryň ýanyndady. Olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi.


Magonda bir adam bardy. Onuň mülki Karmeldedi. Ol adam juda baýdy; onuň üç müň goýny, müň geçisi bardy. Ol Karmelde goýunlaryny gyrkdyrýardy.


Dawut ýurda çozuş edip, aýal-erkek diýmän gyrardy; dowarlardyr öküzleri, eşeklerdir düýeleri we geýim-gejimleri olja alyp, Akyş hanyň ýanyna dolanyp gelerdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ