Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 1:21 - Mukaddes Kitap

21 Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä. Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Ол: «Ялаңач индим бу дүнйә, ялаңач-да доланарын о дүнйә. Берен-де Ребдир, алан-да Ребдир. Гой, Реббиң адына алкыш болсун!» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 1:21
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».


Ýakubyň muňa gahary gelip: «Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi.


Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi.


Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi.


Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Reb tarapyndan şeýle tamamlanypdy.


Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Çünki Hizkiýa: «Eger meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolsa, oňa ýetesi näme bar?!» diýip pikir etdi.


Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»


Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Ol tutup äkidýär – Ony saklap biljek barmy? „Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa?


Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;


sowudyňy geý, galkanyňy al, dadyma ýetiş.


Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».


Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen, sözlerimi ýele sowurýarsyň sen.


ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Enesinden nähili doglan bolsa, bu dünýäden şeýle-de gider. Zähmetinden hiç bir zady elinde göterip, özi bilen äkidip bilmez.


Bu-da bir erbet dertdir: nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Boş ýere çeken zähmetiniň oňa näme haýry bar?


Ynsan ömrüniň günlerini köp ýatlamaz, çünki Hudaý onuň kalbyny şatlyk bilen eýeleýär.


Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny şöhratlandyryň deňiz adalarynda.


Ýakuby talaňçylara, Ysraýyly garakçylara beren kim? Bu garşysyna günä eden Rebbimiz dälmidi? Olar Onuň ýolundan ýöremek islemediler, Onuň kanunyna gulak asmadylar.


Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.


Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Öz pulumy isleýşimçe sarp etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da sen meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?»


Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.


Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.


Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.


Çünki biz dünýä hiç zat getirmedik. Ondan hiç zat äkidip bilmejegimiz hem mese-mälimdir.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.


Men bu ýerden gidenimde doly gidipdim, ýöne Reb meni yzyma boş gaýtardy. Reb hasrat çekdirýän wagtynda, siz nädip maňa Nagomy diýip bilýärsiňiz? Gudratygüýçli meni betbagt etdi» diýdi.


Gedaý goýýanam, baýadýanam Rebdir, peseldýänem, beýgeldýänem Rebdir.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ