Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 1:18 - Mukaddes Kitap

18-19 Ol heniz sözüni tamamlamanka, başga bir çapar: «Seniň ogullaryňdyr gyzlaryň uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrkalar, çöl tarapdan bir güýçli tupan gelip, öýi tutuşlygyna ýumurdy. Öý ýaşlaryň üstüne ýykyldy we olaryň bary öldi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýen habary getirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18-19 Ол хениз сөзүни тамамламанка, башга бир чапар: «Сениң огулларыңдыр гызларың улы доганларының өйүнде нахар ийип, шерап ичип отыркалар, чөл тарапдан бир гүйчли тупан гелип, өйи тутушлыгына юмурды. Өй яшларың үстүне йыкылды ве оларың бары өлди. Саңа шу хабары етирмек үчин диңе мен гачып гутулдым» диен хабары гетирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 1:18
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Bir gün Eýýubyň ogullary bilen gyzlary uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar.


Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllylar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.


Eýýubyň ogullarynyň hersi nobatma-nobat öz öýlerinde meýlis gurardylar we bile iýip-içmek üçin adam ýollap, üç uýasyny-da çagyrardylar.


Bedenimi dilim-dilim edýär, urşujy kimin üstüme topulýar.


«Bu gün aç-açan arz-şikaýat edýän, Hudaýyň eli ahy-zaryma garamazdan agyr.


Näçe köp bolsa-da, ogullary gylyçdan gyrylýarlar, zürýatlary-da açlykdan.


Ogullaryň Hudaýa garşy günä eden bolsalar, Hudaý-da olara ýazyklaryna görä jeza berendir.


Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.


Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa, günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar.


Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.


Çapar üstüne çapar, habarçy üstüne habarçy ylgaşyp, Babyl patyşasyna şu habary ýetirdiler: «Şäher doly basylyp alyndy,


Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ