Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 1:16 - Mukaddes Kitap

16 Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ол сөзүни соңламанка, икинҗи бир чапар гелип: «Гөкде йылдырым чакып, гоюнларыңың ве хызматкәрлериңиң барыны якып, күле өвүрди. Саңа шу хабары етирмек үчин диңе мен гачып гутулдым» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 1:16
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.


Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrdy, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady.


Ylýas ellibaşa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden ot inip, ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.


Ylýas oňa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden Hudaýyň ody inip, ol ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.


Öňki iki ellibaşy elli adamy bilen gökden inen oda ýanyp kül boldy, emma indi seniň meniň janyma haýpyň gelsin» diýdi.


Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,


Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.


Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady.


Bu ikinji jandar uly alamatlary görkezýärdi, hatda ynsanlaryň gözleriniň alnynda gökden ýere ot hem ýagdyrýardy.


Düşelgedäkileri, meýdandakylary, ähli halky aýylganç gorky gaplap aldy. Bölümdäkiler, hatda hüjümçiler gorkudan ýaňa sandyraşdylar, ýer titredi we Rebden gelen güýçli gorky gaplap aldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ