Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Eýýup 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ус юрдунда Эйюп атлы бир адам барды. Ол акйүрекли, догручыл, Худайдан горкян ве шерден гача дурян адамды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Eýýup 1:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.


Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.


«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


Samyň nesilleri: Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut, Aram, Us, Hul, Geter, Meşek.


Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Ýagkan. Dişanyň ogullary: Us we Aran.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.


Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».


Ynamyň Hudaýdan gorkmakda, umydyň päk durmuşda dälmi?


Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa, men öz durmuşymy ýigrenýärin.


Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.


Akylly adam ýamanlykdan gorkup gaça durýandyr, akmak bolsa hetdenaşa batyrsyrap, soňuny saýmaz.


Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr, Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.


Dogruçyllygyň şaýoly ýamanlykdan sowulýar, ýoluna dykgat edýän öz janyny goraýandyr.


Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.


Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!


Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.


Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.


ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna;


Eý, Us ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.


Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler».


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.


ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, yzyndan galma.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ