Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:9 - Mukaddes Kitap

9 Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мукаддес чадыр ве онуң парзлары хәзирки заман үчин бир нышандыр. Бу хөдүрленйән садакалар ве гурбанлыклар сежде эдйән адамың выжданыны пәкләп билмейәндигини гөркезйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muňa garamazdan, Adam atadan başlap Musa çenli ýaşanlar Adam atanyňky ýaly günä etmeseler-de, ölüm olaryň üstünden höküm sürdi. Adam ata belli bir derejede özünden soň gelmeli Adamyň, ýagny Isa Mesihiň nusgasy boldy.


Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris.


Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar.


Ybraýym Hudaýyň ölüleri direltmegi başarýandygyna ynanýardy. Şoňa görä-de, ol Yshagy diri gaýdyp aldy.


Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär.


Şeýlelikde, eger kämillige lewi ruhanylygy arkaly ýetilýän bolsa, onda başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi? Mukaddes Kanuna görä, lewi tiresi ruhanylyk etmelidi, emma bu ruhanylyk arkaly hiç kim kämil bolup bilmeýärdi. Şonuň üçin hem Harun ýaly däl-de, Mäliksadyk ýaly ruhanynyň gelmegi gerekdi.


Eger Ol gökde däl-de, ýerde bolsady, aslynda ruhany hem bolmazdy. Sebäbi Mukaddes Kanun boýunça sadakalary hödürleýän ruhanylar eýýäm bardy.


Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ