Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:4 - Mukaddes Kitap

4 Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Бу отагда якымлы ыслы түтетги сыпасы ве Әхт сандыгы барды. Оларың икиси хем сап алтындан ясаланды. Әхт сандыгында ичи маннадан долы алтын голча, Харуның гүллән хасасы, табшырыклар язылан ики даш бөлеги барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:4
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sandygy men şol öýde goýdum. Atalarymyzy Müsür topragyndan çykaranda, Rebbiň olar bilen eden ähti şonuň içindedir».


Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.


Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy. Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.


Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn.


Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.


Soňra Musa eline äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, dagdan aşak gaýtdy. Bu ýasy daş bölekleriniň hersiniň iki tarapyna-da: öň tarapyna hem, arka tarapyna hem ýazylandy.


Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy.


Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasady. Onuň uzynlygy bir tirsek, ini hem bir tirsek bolup, ol dörtburç boldy. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlaryny özi bilen bile bitewi edip ýasady.


Äht sandygyny getirip, onuň içinde goý we onuň öňünden tuty tut.


Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin.


Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».


Meniň saýlan adamymyň hasasy gögerer, şeýdip, Men ysraýyllaryň sizden närazylyklarynyň soňuna çykaryn».


Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy.


Kyrk gije-gündiz diýlende, Reb maňa iki ýasy daşy – äht daşlaryny berdi.


Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ