Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:27 - Mukaddes Kitap

27 Ynsanyň takdyrynda bir gezek ölüm bardyr, ondan soň Hudaýyň öňünde hasap bermelidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Ынсаның такдырында бир гезек өлүм бардыр, ондан соң Худайың өңүнде хасап бермелидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:27
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».


Dökülip, topraga siňip giden suw ýaly, ählimiz dünýäden öteris. Ýöne Hudaý jany almaz. Ol kowlanlary Özünden uzaklaşdyrmazlygyň alajyny tapýar.


Ynsanyň güni sanalgydyr, aýlarynyň sany kesgitlenendir, olar Seniň bellän çäkleriňden geçip bilmeýärler.


Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.


Bilýän men, başymdan ölüm inderjegiňi, ähli diriler üçin taýynlan ýeriňe äkitjekdigiňi.


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.


ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Dogulmagyň öz wagty bar, ölmegiň öz wagty; ekmegiň öz wagty bar, ormagyň öz wagty.


Ählisi bir ýere gidýär; ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir. Olar üçin mundan beýläk peşgeş bolmaz, hatda olary ýatlamazlar hem.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Hudaýyň huzurynda, şeýle hem dirilere we ölülere kazylyk etjek Isa Mesihiň huzurynda, Onuň gelmeginiň we şalyk sürmeginiň hatyrasyna saňa şulary berk tabşyrýaryn:


Diňe garaşylýan howply höküm güni we Hudaýyň duşmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ot bardyr.


suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok.


Şeýlelik bilen söýgi bizde kämilleşip, kyýamat güni bize ynam berer. Sebäbi biz bu dünýäde edil Mesih ýaly ýaşaýarys.


Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar».


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ