Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:24 - Mukaddes Kitap

24 Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Месих ынсан эли билен ясалан ве асыл нусганың йөне бир гөрнүши болан иң мукаддес отага гирмеди. Ол бизиң үчин Худайың хузурында хәзир болуп, гөкдәки мукаддес отага гирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:24
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!


Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin.


Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn.


Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi.


Men Atamyň ýanyndan gaýdyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni taşlap, Atamyň ýanyna barýaryn».


Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny görseňiz näme diýerkäňiz?


Hudaýyň Öz mukaddes pygamberleri arkaly owaldan söz berşi ýaly, ähli zady dikeltmegiň wagty geler. Emma şol wagt gelýänçä, Isanyň gökde galmagy gerek.


Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar!


Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.


Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.


Isa bize ýol açmak üçin, ol ýere ilkinji bolup girip, Mäliksadyk derejesindäki müdimilik Baş Ruhanymyz boldy.


Ol Mukaddes çadyrda, ynsanyň däl-de, hut Rebbiň guran hakyky çadyrynda hyzmat edýär.


Olar ýerdäki Mukaddes çadyrda hyzmat edýärler. Bu çadyr bary-ýogy gökdäki hakyky Çadyryň görnüşi we kölegesidir. Şonuň üçin hem Hudaý Mukaddes çadyry nähili ýasamalydygy barada Musa şeýle görkezme beripdi: «Ähli zady dagda özüňe görkezilen nusganyň esasynda ýasarsyň».


Birinji äht döwründe sežde etmegiň kada-kanunlary we dünýewi Mukaddes çadyr bardy.


Şeýlelikde, gökdäki zatlaryň ýerdäki nusgalarynyň bu gurbanlyklar bilen päklenmegi gerekdi. Emma gökdäki zatlaryň özleri bulardan has oňat gurbanlyklary talap edýärdi.


Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär.


Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.


Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ