Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Hakykatdanam, ähli zat Mukaddes Kanun boýunça gan bilen päklenýär. Gan dökülmezden hiç bir günä bagyşlanmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Хакыкатданам, әхли зат Мукаддес Канун боюнча ган билен пәкленйәр. Ган дөкүлмезден хич бир гүнә багышланмаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:22
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Gurbanlyk sypasyny dikeniňizde, onuň üstünde ýakma gurbanlyklary hödür etmek we oňa gan serpmek üçin düzgünler şulardyr:


Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan biraz alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn.


Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny soýup, onuň ganyndan birazragyny alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna çalsyn.


Onuň özi bolsa diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alyp, olary çeşme suwunyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn.


Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr.


Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.


Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Beýlekisini ruhany höküm boýunça, ýakma gurbanlygy üçin Hudaýa hödür etsin. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen gumry ýa-da kepderi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr.


Ol ony ruhana getirip bersin. Ruhany undan Rebbiň ýoluna hödürlenen paý hökmünde bir goşawuç alyp, ony Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýy bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda günälini günäsinden saplasyn we şonda onuň nähili günä edendigine garamazdan, Hudaý onuň günäsini geçer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ