Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:19 - Mukaddes Kitap

19 Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Муса Кануның әхли буйругыны тутуш халка ыглан этди. Соңра гырмызы йүң хем бир богдак кәкилик оты билен гөлелериң ганыны ве сувы Канун язгыларының, әхли халкың үстүне сепип:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:19
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela


Bir bogdak käkilik otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir.


Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.


Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi – parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr.


Onsoň tämiz adamlardan biri käkilik otuny suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin.


Ruhany bir bölek kedr agajyny, käkilik otuny, gyzyl reňkli sapak alsyn-da, olary sygry ýakyp duran oda atsyn.


Egin-eşigini çykaryp, egnine gyzyl don geýdirdiler.


Onuň egnine gyrmyzy don, başyna tikenden örülen täç geýdirdiler.


Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.


Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don ýapdylar.


Şol wagt başy tikenden täçli, egni gyrmyzy donly Isa daşary çykdy. Pilat olara: «Ine, ol Adam!» diýdi.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.


Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler.


Şoňa görä öňki äht hem gan dökülýänçä güýje girmedi.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ