Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:14 - Mukaddes Kitap

14 Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эгер шейле эден болсалар, онда Месихиң ганы аркалы хас-да бейик ишлер эдип болар! Шейдип, Месих эбеди Рухуң гудраты аркалы Өзүни мүйнсүз гурбанлык хөкмүнде Худая хөдүрледи. Онуң дөкен ганы бизиң выжданымызы өлүме элтйән ишлерден пәклейәр, шонда биз дири Худая гуллук эдйәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:14
76 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Heý, onsoň siz – zalymlar bir bigünäni öz öýünde, öz düşeginde öldürersiňiz-de, sizi ýer ýüzünden ýok edip, onuň hununy sizden almarynmy?» diýdi.


Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap, aýdan sözlerini eşit.


Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.


Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Onuň gabry pisler bilen boldy. Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy, ol hiç hili sütem etmändi, agzyndan ýalan sözler çykmandy.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birinji aýyň birine şikessiz bir öküzçe al-da, mukaddes öýi tämizle.


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Şikesli maly gurbanlyk bermäň, çünki ol kabul bolmaz.


Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun.


Sabat güni şikessiz birýaşar erkek tokludan ikisini, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy we içgi sadakasyny hödür etsinler.


Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir.


Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?


Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge, ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz, mukaddeslik hem dogrulyk bilen gulluk etmäge mümkinçilik berdi.


Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz!


Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?!


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi.


Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Hawa, ýahudylaryň bu günäsi bütin dünýäniň ýalkanmagyna sebäp boldy. Olaryň bu günäsi başga milletler üçin bähbitli boldy. Eger olaryň günäsi şeýle ýalkanyşy getiren bolsa, onda tutuş Ysraýyl Hudaýa dolananda, bu ýalkanyş gör bak nähili bolar!


Eger siz ýabany zeýtun agajyndan kesilip, öz tebigy häsiýetleriňize garamazdan, idedilip ýetişdirilen zeýtuna sapylan bolsaňyz, onda asly bu bagdan bolan şahalar öz zeýtunyna has aňsat sapylar!


Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.


Ýöne indi günäniň ygtyýaryndan azat edilip, Hudaýyň guly bolduňyz. Munuň netijesi halal ýaşamaklyk, soňy bolsa baky ýaşaýyşdyr.


Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim:


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.


Hudaýyňyz Rebbe ýetmezli, şikesli öküzi ýa-da goýny gurban etmäň. Çünki bu Hudaýyňyz Rebbe nejislikdir.


Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!


Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.


Çünki ot içinden gepleýän diri Hudaýyň sesini eşidip, adamzat arasynda biz ýaly ölmän galan barmy?


Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik.


Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.


Eger kämil edip bilýän bolsady, onda gurbanlyk hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki sežde edýänler günäden bir gezekde päklenenlerinden soň, olaryň wyždany günäleriniň päklenmegine gaýdyp mätäç bolmazdy.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Ýakup bu dünýäden ötmeli pursady gelende, hasasyna söýenip, Ýusubyň iki ogluna iman arkaly pata berdi we Hudaýa sežde etdi.


Şoňa görä, Isa hem şäher derwezesinden daşarda ejir çekip öldi. Ol halkyny Öz gany bilen päkledi.


Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn.


Şonuň üçin, geliň, Isa Mesih baradaky başlangyç taglymda saklanman öňe hereket edip, imanda berkäliň, yza gaýtmalyň. Ölüme eltýän işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek,


Onuň ruhanylygy bu pany dünýäniň talabyna, ýagny nesilden-nesle geçýän kada-kanuna däl-de, eýsem Mäliksadyk ruhanylygy ýaly soňsuz ýaşaýyş gudratyna esaslanandyr.


Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.


Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.


Beýle bolsa, Mesih dünýä ýaradylaly bäri öwran-öwran ejir çekmeli bolardy. Muňa derek Ol adamlaryň günälerini ýuwmak üçin Özüni gurban etmek bilen ahyrky döwürde bir gezek geldi.


Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy.


Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär.


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


«Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady».


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


Mesihiň bolsa bizi günälerimizden saplamak üçin gelendigini bilýänsiňiz. Onda asla günä ýokdur.


Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ