Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Mesih indi amala aşan ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Месих инди амала ашан әхли оңат затларың Баш Руханысы болуп гелди. Ол ынсан эли билен гурулмадык, бу дүнйәниң ярадылышындан болмадык хас бейик ве кәмил чадыра гирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:11
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Olardan biri meni görmäge gelse, ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar, daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar.


«Siona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler». Muny Reb aýdýandyr.


Olary Maňa garşy eden ähli günälerinden saplaryn; Maňa garşy eden ähli günälerini, bar eden etmişlerini bagyşlaryn.


Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


«Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip soratdy.


„Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“».


«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.)


Emma Beýik Hudaý ynsan eli bilen gurlan jaýlarda ýaşamaýar. Pygamberiň aýdyşy ýaly,


Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.


Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.


Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr.


Musanyň kanuny geljekki oňat zatlaryň özi däl-de, şol zatlaryň kölegesidir. Şu sebäpli Kanun her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlyklar bilen Hudaýa sygynýanlary hiç haçan kämil edip bilmeýär.


«Ýene bir gezek» diýen söz titräýjek zatlaryň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljakdygyny, yranmaz zatlaryň ebedi galjakdygyny aňladýar.


çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Mäliksadyk Salim patyşasydy we Beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ybraýym dört patyşany ýeňip, yzyna dolanyp gelýärkä, Mäliksadyk ony garşy alyp, oňa pata berdi.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ