Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:10 - Mukaddes Kitap

10 Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Муңа диңе беден билен баглы болан ийип-ичмек ве дүрли пәклениш парзлары гирйәр. Буларың хеммеси тәзе дүзгүн орнашдырылянча ерине етирилйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:10
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr.


Soňra Haruny we onuň ogullaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirip, olary suw bilen ýuw.


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim.


Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar.


Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn.


Harun iň mukaddes otaga girmezinden öň suwa düşünip, nepis zygyr matadan tikilen mukaddes dony geýsin. Donuň aşagyndan zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýsin we biline zygyr matadan edilen guşagy guşanyp, kellesine zygyr matadan selle oransyn.


onda ol şerapdan we çakyrdan datmasyn. Şerap sirkesini-de, başga sirke-de ulanmasyn, üzüm şerbedini-de içmesin, ter üzüm-de, kişmiş-de iýmesin.


Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman hiç zat iýmeýärdiler. Şeýle-de käse, gap-çanak, gazanlary tämizlemek ýaly dessurlary hem saklaýardylar.


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


Bu niýetiň amala aşyrylmaly wagty gelende, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zatlary bir Başa, ýagny Isa Mesihe birikdirer.


Ol Töwradyň kanunlaryny we däp-dessurlaryny ýatyrdy-da, iki halky birleşdirip, täze bir halk ýaratdy we parahatçylygy berkarar etdi.


Jesediň iň golaýyndaky galanyň ähli ýaşululary akar suwuň boýunda boýny omrulan ýaş göläniň üstünde ellerini ýuwsunlar.


Agşam düşende, ol ýuwunsyn, Gün batandan soň, ol düşelgäňize girip biler.


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi Hudaý perişdelere tabyn etmedi.


suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok.


Onuň ruhanylygy bu pany dünýäniň talabyna, ýagny nesilden-nesle geçýän kada-kanuna däl-de, eýsem Mäliksadyk ruhanylygy ýaly soňsuz ýaşaýyş gudratyna esaslanandyr.


Birinji äht döwründe sežde etmegiň kada-kanunlary we dünýewi Mukaddes çadyr bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ