Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 9:1 - Mukaddes Kitap

1 Birinji äht döwründe sežde etmegiň kada-kanunlary we dünýewi Mukaddes çadyr bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Биринҗи әхт дөврүнде сежде этмегиң када-канунлары ве дүнъеви Мукаддес чадыр барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 9:1
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.


Eger eden ähli işleri üçin utansalar, öýüň gurluşyny, onuň ýerbe-ýerdigini, girelgelerini we çykalgalaryny, tutuş taslamasyny we düzgünlerini, ähli meýilnamalaryny we kanunlaryny olara aýan et, gözleriniň alnynda şuny ýaz. Şeýdip, onuň tutuş meýilnamasyny we ähli düzgünlerini saklasynlar, olary berjaý etsinler.


Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Ertire çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn we onuň ýekeje süňki-de döwülmesin. Pesah baýramy özüniň ähli kada-kanunlaryna laýyklykda bellensin.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.


Hudaý bu ähte «Täze» diýmek bilen, öňki ähtiň könelendigini görkezdi. Könelip, sandan galan zat bolsa, tizara ýok bolup gidýändir.


Ol Mukaddes çadyrda, ynsanyň däl-de, hut Rebbiň guran hakyky çadyrynda hyzmat edýär.


Eger öňki äht kemçiliksiz bolan bolsady, onda bu täze äht gerek bolmazdy.


Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ