Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 8:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma Hudaýyň Özi ol ähtden kemçilik tapyp, halkyna şeýle diýdi: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эмма Худайың Өзи ол әхтден кемчилик тапып, халкына шейле дийди: «Ысрайыл ве яхуда халкы билен Мениң тәзе әхт баглашҗак гүнлерим хөкман гелер. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 8:8
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.


Şonuň üçin hem şeýle günler geler, mundan beýläk ‘Ysraýyl halkyny Müsür ýurdundan çykaran Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýilmez. Muny Reb aýdýandyr.


Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».


Reb şeýle aýdýandyr: «Ysraýylda we Ýahudada ynsanu-haýwany köpeltjek günlerim hökman geler.


Reb şuny aýdýandyr: «Hananel diňinden Burç derwezesine çenli Iýerusalim şäheriniň Men-Reb üçin täzeden guruljak günleri hökman geler.


Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.


Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz geler, emma ol güni görmersiňiz.


Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.


Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr.


Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Hudaýymyz Reb bu gün biziň ýanymyzda – Öz huzurynda duranlar bilen däl-de, eýsem bolmadyklar bilenem wada edip äht baglaşýar.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Bu ant arkaly Isa has oňat ähtiň kepili boldy.


Hudaý bu ähte «Täze» diýmek bilen, öňki ähtiň könelendigini görkezdi. Könelip, sandan galan zat bolsa, tizara ýok bolup gidýändir.


Emma Isa berlen ruhanylyk hyzmaty beýleki ruhanylaryňkydan beýikdir. Şeýle hem Ol täze ähtiň Binýatçysydyr, täze äht öňki ähtden üstündir we ygtybarly wadalara esaslanandyr.


Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ