Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 8:5 - Mukaddes Kitap

5 Olar ýerdäki Mukaddes çadyrda hyzmat edýärler. Bu çadyr bary-ýogy gökdäki hakyky Çadyryň görnüşi we kölegesidir. Şonuň üçin hem Hudaý Mukaddes çadyry nähili ýasamalydygy barada Musa şeýle görkezme beripdi: «Ähli zady dagda özüňe görkezilen nusganyň esasynda ýasarsyň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Олар ердәки Мукаддес чадырда хызмат эдйәрлер. Бу чадыр бары-ёгы гөкдәки хакыкы Чадырың гөрнүши ве көлегесидир. Шонуң үчин хем Худай Мукаддес чадыры нәхили ясамалыдыгы барада Муса шейле гөркезме берипди: «Әхли зады дагда өзүңе гөркезилен нусганың эсасында ясарсың».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 8:5
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem ol göz öňünde tutan ähli işleriniň: Rebbiň öýüniň howlularynyň, onuň töwereginde bolmaly jaýlaryň, Hudaýyň öýüniň hazynalarynyň hem-de berlen sadakalardyr hazynalary,


Soňra Dawut patyşa: «Şularyň barynyň nusgalary maňa Reb tarapyndan ýazuw üsti bilen berildi» diýdi.


Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň.


Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn.


Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur.


Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn.


Çyradanyň gurluşy şeýledi: aýagyndan tä çyra oturdylýan güllerine çenli döwme sap altyndan ýasalandy. Harun çyradany Rebbiň Musa görkezen nusgasy boýunça ýasady.


Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.


Ata-babalarymyzyň çölde äht çadyry bardy. Çadyr edil Hudaýyň Musa buýruşy ýaly, Onuň beren nusgasy boýunça gurlandy.


Bular geljekki zatlaryň kölegesidi, emma hakykat Mesihiň Özüdir.


Musanyň kanuny geljekki oňat zatlaryň özi däl-de, şol zatlaryň kölegesidir. Şu sebäpli Kanun her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlyklar bilen Hudaýa sygynýanlary hiç haçan kämil edip bilmeýär.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Biziň bir gurbanlyk sypamyz bardyr, ýöne Mukaddes çadyrda hyzmat edýän ruhanylaryň ondan iýmäge haky ýokdur.


Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär.


Şeýle hem, biz belli bir netijä geldik, haçan hem bolsa bir wagt olar bize we biziň nesillerimize şeýle diýäýseler, biz olara: „Ata-babalarymyzyň Rebbe guran bu gurbanlyk sypasynyň nusgasyna serediň, bu ýakma gurbanlygy ýa-da mal sadakasy üçin däl-de, siz bilen biziň aramyzda subutnama bolmagy üçindir“ diýeris.


Mundan soň gökdäki ybadathananyň, ýagny äht çadyrynyň açylanyny gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ